Şantiniketan hindi şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

  • 20.09.2023 12:19
  • 6.5k+

Nobel baýragynyň eýesi, ýazyjy we jemgyýetçilik işgäri Rabindranat Tagoryň (1861-1941)  esaslandyran Wişwa-Bharati uniwersitetiniň ýerleşýän ýeri bolan Hindistanyň Şantiniketan şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gurama muny 17-nji sentýabrda X sosial ulgamynda (öňki Twitter) yglan etdi.

Santiniketany (bengal dilinde “Parahatçylygyň mekany”) sanawa girizmek karary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriljek 45-nji mejlisinde kabul edildi.
Santiniketan 1901-nji ýylda Günbatar Bengaliýanyň Birbhum etrabynda Rabindranat Tagoryň kakasy Debendranat Tagor tarapyndan esaslandyryldy. Ol ýerde ilki bilen gadymy hindi däp-dessurlaryna we adamzadyň dini hem-de medeni çäkleri ýeňip geçmegi başarýan jebisligi ideýasyna esaslanýan mekdep-internat we sungat merkezi peýda bolupdy. 


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....