Hünärmenler öýde haýsy predmetleriň internetiň tizligine böwet bolýandygyny aýtdylar

  • 21.09.2023 15:32
  • 20k+

“Izwestiýa” gazeti öýde haýsy predmetleriň we hojalyk tehnikasynyň internet signalynyň hiline täsir edip biljekdigi baradaky maglumatlara ünsi çekdi. Eger ulanyjy öz internetiniň käwagt gowşaýandygyna ýa-da güýçlenýändigine üns berse, routeriň ýerleşýän ýerini barlamak möhümdir. Ähtimal, mesele hyzmaty üpjün edijiniň işi bilen däl-de, öýüň içinde radio signalynyň ýolunda päsgelçilikleriň bardygy bilen baglanyşyklydyr.

Internete päsgel berip biljek giňden ýaýran predmetleriň arasynda mikrotolkunly peçler, diwarlar, simsiz telefonlar, akwariumlar, uly mebel we aýnalar bar.
Mysal üçin, mikrotolkunly peç routeriňki bilen deň ýygylykda elektromagnit şöhlesini goýberýär we bu olaryň ikisi-de bir wagtda işlän ýagdaýynda Wi-Fi signalynda bökdençliklere getirip biler. Bu, esasanam, film görlende we şol bir wagtyň özünde mikrotolkunly peç ulanylanda ýüze çykýar.
Şeýle-de, aýratynam, kerpiçden, betondan ýa-da mermerden bolan diwarlaryň routerden gelýän signaly gowy geçirip bilmeýändigini bellemek gerek. Şeýle materiallar ulanylan köp gatly jaýlarda ýa-da birnäçe gatly hususy jaýlarda routeri signalyň öňünde böwet az bolar ýaly ýerleşdirmek maslahat berilýär.
Stasionar telefonlaryň hem router signaly üçin päsgelçilik döredip biljekdigini göz öňünde tutmak gerek.
Mümkin bolan päsgelçiliklerden gaça durmak üçin iň gowy wariant signalyň kabul edilişine hiç zadyň päsgel bermezligidir. Şeýle ýagdaýda internet durnukly we gowy işlär diýip, hünärmenler belleýär.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......