Serdar Berdimuhamedow «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmekligi teklip etdi

  • 20.09.2023 07:39
  • 4.6k+

Prezident Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Merkezi Aziýanyň Hazar deňzine galtaşýan sebitdigini, özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygynyň hemmelere mälimdigini belläp geçdi.

«Kenarýaka ýurtlary tarapyndan köpýyllyk tutanýerli we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama – Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi» – diýip , Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen Altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologiýa meselesi boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklandy. Bu bolsa, kenarýaka döwletleriniň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar. 

«Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek barada teklip girizýär. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologiýa serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platformasy bolmaga niýetlenendir» – diýip, Prezident nygtady. 

Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......