Ginnesiň rekordlar kitabynda iň garry motosürüji peýda boldy

  • 19.09.2023 11:21
  • 13k+

Täze Zelandiýaly Lesli Harris Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol 98 ýaşyny bellemeginden birnäçe hepde öň Oklend şäherinde geçirilen motosikl festiwalyna gatnaşdy.

Harrise 64 ýaşly ogly Rod we 21 ýaşly agtygy Oliwiýa ýoldaş boldy. Düzgüne laýyklykda, gatnaşyjylar iň durnukly aýlaw wagtyny görkezmelidiler. Netijede, uly ýaşly motosürüji öz çagalaryndan öňe geçdi – Harris 4-nji, ogly sekizinji, agtygy bolsa 21-nji orny eýeledi.
UPI agentliginiň habar bermegine görä, Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy ilkinji gezek 1953-nji ýylda motosikl sürüp görüpdir, 93 ýaşynda bolsa ýaryşda ýeňiji bolupdyr. 2019-njy ýylda ol buduna operasiýa geçirdi we halaýan ulagyny diňe şu ýyl dolandyryp bildi.
Harrisiň bellemegine görä, ol şu ýyl ýene birnäçe ýaryşa gatnaşmak isleýär, 2024-nji ýylda bolsa Pukeko şäherinde geçiriljek nusgawy motosiklleriň festiwalyna gatnaşar.


13.05.2026 23:15
4.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......

13.05.2026 12:16
3.9k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

12.05.2026 11:50
7.4k+

Amerikanyň ýaşaýjysy «Bearbrick» şekiljikleriniň heniz görülmedik möçberini ýygnap Ginnese girdi

Illinoýs ştatynyň ýaşaýjysy, amerikaly kolleksioner Deniel Park dünýäde iň köp «Bearbrick» şekiljiklerini ýygnap, adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy....

09.05.2026 05:59
4.6k+

Arubaly pälwan 10 tonnalyk awtobusy boýny bilen çekip, dünýä rekordyny goýdy

49 ýaşly pälwan Egmond Molina agramy takmynan 10 tonna bolan awtobusy boýny bilen 20 metr aralyga çekip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär....