Nissan «Frontier Hardbody Edition» pikapyny tanyşdyrdy

  • 19.09.2023 11:16
  • 6.7k+

«Nissan» kompaniýasy 1980-nji ýyllaryň nusgawy «Hardbody» modelinden ruhlanylyp döredilen «Frontier Hardbody Edition» pikap awtoulagynyň 2024-nji ýylda çykaryljak nusgasyny tanyşdyrdy.

Täze awtoulagda gara radiator gözenegi we bezeg elementleri, ýolsuz ýerler üçin niýetlenen tekerler bilen 17 dýuýmlyk nusgawy dizaýnly diskler ornaşdyryldy. Şeýle hem ol LED faralar, 10 sany dinamikli «Fender» ses ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr, oturgyçlary bolsa deri bilen örtülendir.
Pikapyň 2024-nji ýyldaky nusgasynyň bahasy ABŞ-da 29,8 müň dollardan başlaýar. «Hardbody Edition» bezeg toplumynyň bahasy bolsa 3,9 müň dollar.
«Frontier» pikapy kuwwaty 310 at güýji bolan 3,8 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir we 9 basgançakly awtomatiki geçiriş karobkasy bilen jübütlenendir. Awtoulag yzky tekerleri hereketli we ähli tekerleri hereketli görnüşleri elýeterlidir.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....