«Bezeg Gipsler Merkezi» öýüň içki we daşky bezeginde gips bezeglerini ulanmagyň artykmaçlyklary barada gürrüň berýär

  • 18.09.2023 15:49
  • 18k+

Baryp orta asyrlarda meşhur bolan öýüň içini we daşyny gips bilen bezemeklik şu günlerde ýene-de ýörgünli häsiýete eýe boldy. Bu günki gün öýleriň abatlaýyş (remont) işleri geçirilende diwarlary bezemek üçin gips tüýs ýerine düşen önüme öwrüldi. «Bezeg Gipsler Merkezi» dükany hem öýüň içki we daşky bezeginde ulanmak üçin gips bezegleriniň dürli görnüşlerini amatly bahadan hödürleýär.

Dükanda 500 ýüze golaý düz we gülli karnizler, çiteler, düz çyzykly we ýüzi nagyşly kolonnalar, kerpiçler, 3D paneller, frizler, padlýustralar, elementler, täçler we şuňa meňzeş başga-da 1000-e golaý gipsler bar.

Gips bezegleriniň nähili artykmaçlyklary bar:

  • ýangyna çydamly;
  • jaýryk berenok;
  • dürli reňkleri ýokary hilde özüne siňdirýär;

«Bezeg Gipsler Merkezi» dükany gipsleriň ähli görnüşlerini müşderiniň islegine görä ýa-da dizaýna görä täzesini hem ýasap taýýarlap berýär. Dükanyň özünde taýýar dizaýnlar hem bar. Şol bir wagtda, her bir müşderiniň islegine görä, tölegli dizaýn çyzgylary çyzyp, dizaýndaky gipsler bilen üpjün etmek hyzmaty hem bar.


«Bezeg Gipsler Merkezi» dükany baryp ölçeg almak, gurnamak hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär.
Söwdanyň möçberi 1000 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär. Welaýatlara hem ugratmak mümkinçiligi bar.
Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär. 

Salgysy: Aşgabat ş., «Altyn Asyr» söwda merkezi (Bäşaýak), 4-nji gat, Dükan N405, (Moskowskiý köçesi).
Tel: +99365 87-55-44;
+99363 83-77-72;
47-88-20
TikTok: @gipslermerkezi
Instagram: gipsler_merkezi

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......