«Çyzgy» hojalyk jemgyýeti Arkadag şäherinde çagalar seýilgähini gurar

  • 18.09.2023 15:22
  • 22k+

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligi Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Çagalar seýilgähiniň gurluşyk işleri 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanyp, 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Belläp geçsek, 17-nji sentýabrda Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalar seýilgähiniň merkezi girelgesiniň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, onuň çagalaryň türkmen halkynyň ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilinde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hususan-da, merkezi girelge çagalar üçin söýgüli gahrymana öwrülen Böwenjigiň şekilinde bolsa onuň ýylgyryp duran keşbi ýaş nesillerde şatlyk duýgusyny döreder.


düýn 11:41
3.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......