Türkmenistanyň biržasynda hepdelik geleşikleriň jemi bahasy 90 million dollardan geçdi

  • 18.09.2023 15:05
  • 4.3k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 90 million 50 müň 274 dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň telekeçileri dokma önümleriniň galyndylaryny, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah matany, dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi, ýorgan-düşek toplumlaryny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 171 million 856 müň manatlyk “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki ýody satyn aldylar.


şu gün 08:13
606

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
615

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......