KIBERone, Amakids we Sanly Sowat çagalara we ululara dil, programmirleme boýunça bilimleri öwredýär

  • 17.09.2023 16:19
  • 10k+

Çagalara haýsy ýaşda haýsy bilimleri öwretmegiň peýdaly boljakdygy barada dünýäde alymlar dürli pikirleri öňe sürýärler. Emma olaryň ählisi hem çagalara ir ýaşlardan täze bilimleri öwretmegiň onuň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmegi üçin peýdalydygy bilen ylalaşýarlar. TmCars Habarlar kompýuter tehnologiýalarynyň ösýän, dünýä dillerini öwrenmäge islegiň barha artýan döwründe bu hyzmatlary hödürleýän KIBERone, Amakids we Sanly Sowat bilim merkezleri barada gürrüň berýär.

AMAkids bilim merkezi — IŇLIS DILI okuwlary, RUS DILI okuwlary, MENTAL ARIFMETIKA, boýunça okuwlary hödürleýär.
Mälim bolşy ýaly, çaganyň dil öwrenmek boýunça okuwlarynyň ortaça dowamlylygy onuň ýaşyna, dil biliş derejesine, şeýle hem yhlasyna bagly bolýar. AMAkids bilim merkezi çagalaryň hut şu aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, okuw maksatnamasyny düzýär.

Mental arifmetika nämä gerek?
Çaganyň kalkulýator ýa-da kagyz ulanmazdan aňynda geçirýän çylşyrymly hasaplamasyna mental arifmetika diýilýär. Ol çaganyň tiz wagtda hasaplaýyş ukyplaryny ösdürýär, ýadyny we ünsüni ýokarlandyrýar. Logiki pikirlenmäni ösdürýär. Mental arifmetika beýnini türgenleşdirmegiň bir usuly hökmünde ulanylýar.

PROGRAMMIRLEMÄNI hem ýatdan çykarmaly däl!
Programmirleme, emeli aň, saýt döretmek, çat-botlary , Minecraft Education Edition , HTML/CSS/JAVASCRIPT, Python , Roblox Studio,  2d we 3d oýunlary, ykjam goşundylary döretmek... Bu günki gün has ýygy-ýygydan eşidilýän sözler. Häzirki zaman dünýäsi her bir adamyň bu düşünjelerden belli bir derejede habarly bolmagyny talap edýär. Bu bilimleri çaga öwretmek bolsa her bir ene-ata üçin geljege goýýan amatly maýa goýumydyr. KIBERone kompaniýasy 6-16 ýaş aralygyndaky çagalara bu ugurda hyzmatlaryny amatly bahadan hödürleýär.
Kiberone-da okuwlar ýeňil görnüşde, çaganyň tiz özleşdirip biljek formasynda geçirilýär.
OKUWLARYŇ 20%-i — NAZARY OKUWLAR, 80%-i — AMALY SAPAKLAR görnüşinde geçirilýär.
Okuwlaryň hiline göz ýetirmek üçin MUGT SYNAG SAPAGYNA gatnaşyp bilersiňiz.
Kiberone, Sanly Sowat we AMAkids bilim merkezleri barada has giňişleýin maglumaty Instagram sahypalaryndan alyp bilersiňiz. 

Telefon:
+99362 20-64-19
;
+99363 63-91-92;
+993 62 52-56-38

Instagram: @kiberonetm
@sanly_sowat;
@amakidstm

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......