Hindistanly ýetginjek saçynyň uzynlygy bilen dünýä rekordyny goýdy

  • 17.09.2023 12:45
  • 32k+

Hindistandan 15 ýaşly ýetginjek iň uzyn saçyň eýesi hökmünde ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny goýdy. Onuň ady Sidak Singh Çahal we ol ömründe ýeke gezek hem saçyny kesdirmedi we kesdirmek islemeýär. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär diýip, rbclife.ru belleýär. Bu ýaş ýigidiň rekordy 2024-nji ýylyň neşirine girizildi.

Ýetginjegiň saçynyň uzynlygy 146 sm bolup, bu erkek ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordydyr. Rekord eýesi saçyny hepdede iki gezek ýuwýar we guradýar, her gezek munuň üçin ýakynlarynyň kömegi we azyndan bir sagat wagt gerek bolýar.
Bellenilişi ýaly, Sidak sikh bolany üçin saçyny ösdürýär (sikhizme eýerijiler diniň talap edişi ýaly saçlaryny kesmeýärler). Adatça, ýetginjek saçyny toplap, sikhlerde däp bolşy ýaly, ony ýörite selle bilen örtýär.
Saçyny ýuwmakdan we guratmakdan daşary Sidak adaty ýetginjek durmuşynda ýaşaýar: bilim alýar, türgenleşýär, okaýar we wideo oýunlaryny oýnaýar.
Belläp geçsek, häzirki wagtda uly ýaşly adamlaryň arasynda saçyň uzynlygy boýunça rekord ýok we Sidak 18 ýaşyna ýetende bu titula hem eýe bolmagy maksat edinýär.
Ýeri gelende bellesek, ýetginjek gyzlaryň arasynda iň uzyn saç onuň watandaşy Nilanşi Pateldedi. Ol saçyny 200 sm çenli ösdürip, dünýä rekordyny goýdy, soňra 2021-nji ýylda saçyny kesdirip, örüm saçy muzeýe sowgat etdi.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......