Cadillac Detroýtdaky awtoulag sergisinde täzelenen CT5 sedanyny tanyşdyrdy

  • 17.09.2023 12:13
  • 9k+

Amerikanyň awtoulag öndürijisi «Cadillac» Detroýt awtoulag sergisinde «CT5» sedanynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy diýip, motor1.com habar berýär.

Awtoulagyň daşky görnüşi gaýtadan işlendi, ol täze çyralary, gara radiator gözenegi we keşbi üýtgedilen bamperleri bilen tapawutlanýar. Salonyndaky öň panelinde diagonaly 33 dýuým bolan täze ekran peýda boldy. Esasy gurluşlaryň sanawyna indi päsgelçiligiň öňünde awtomatiki ýagdaýda duruzmak (tormoz) ulgamy girýär.
Ulanyş bilen bagly enjamlaryň sanawy hem giňeldildi. Täzelikleriň köpüsi passiw howpsuzlyk ulgamlaryna degişlidir, hususan-da, päsgelçilikden öň awtomatiki tormoz adaty gurluş hökmünde girizilýär.
Ozalky nusgada bolşy ýaly, täze awtoulag iki görnüşli turbo motor bilen teklip ediler: kuwwaty 240 at güýji bolan iki litrlik hereketlendiriji ýa-da 340 at güýji bolan üç litrlik hereketlendiriji. Ulaglarda yzky tekerler hereketlidiri. Ähli tekelerleriň hereketli ulgamy goşmaça gurluş hökmünde teklip edilýär.

düýn 14:38
3.8k+

Sowadyjyly we massaž edýän hytaý miniwenine iki günde 8 müňden gowrak sargyt gelip gowuşdy

Hytaýyň awtoulag öndüriji Arcfox kompaniýasy öňünden sargytlar açylandan soňky ilkinji 48 sagadyň dowamynda Wendao V9 miniweni üçin 8 müňden gowrak sargyt alandygyny mälim etdi. ...

düýn 11:11
3.3k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

düýn 07:27
4.6k+

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

13.05.2026 23:24
2.6k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......