Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşar

  • 17.09.2023 02:58
  • 9.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 17 — 20-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.

Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 — 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......