Doňzuň böwregi jansyz adama oturdylandan soň 2 aýlap işledi. Bu rekord

  • 16.09.2023 23:18
  • 26k+

Amerikaly hirurglar tarapyndan geçirilen synagyň dowamynda genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan göçürilen böwrek ölen adamyň bedeninde 61 günläp işledi. Bu habar Nýu-Ýork uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň web sahypasynda çap edildi.

Bu şu wagta çenli iň uzak resminamalaşdyrylan ýagdaý. Beýnisi ölen diýlip yglan edilen 58 ýaşly hassada garyndaşlarynyň razyçylygy bilen synag geçirildi we öýkeni emeli usulda işledilip saklandy.
Haýwanyň beden agzalaryny adama göçürmegi öz içine alýan ksenotransplantasiýa (görnüşler arasyndaky transplantasiýa) diýlip atlandyrylýan bu amal 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Lukmançylyk merkeziniň Transplantasiýa institutynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Robert Montgomeriniň ýolbaşçylygyndaky lukmanlar topary tarapyndan geçirildi. Donor bolan doňzuň böwregini aýyrmak boýunça operasiýa şondan bir gün öň, 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçirildi.

“Soňky iki aýyň dowamynda ýakyndan synlamak we seljermek arkaly biz  köp zat öwrendik hem-de geljege umyt baglamaga esas bar. Merhum hassamyzyň maşgalasynyň goldawy bolmadyk bolsa bu mümkin bolmazdy "- diýip, doktor Montgomeri belledi.

Gözleg öňünden kesgitlenen senede tamamlandy: merhumyň öýkenine emeli dem berýän apparat öçürildi we jeset maşgalasynyň islegi boýunça yzyna gaýtarylyp berildi.


15.06.2026 12:32
5.4k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......