“Çelsi” 2023/2024-möwsümi üçin üçünji formasyny hödürledi

  • 15.09.2023 17:35
  • 15k+

Londonyň “Çelsi” kluby 2023/2024-möwsümi üçin üçünji eşik formasyny hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.

Londonlylaryň üçünji ýa-da ätiýaçdaky egin-eşik toplumy iton gök reňkde ýerine ýetirildi. Bu toplum taýýarlananda “Çelsi” we klubuň tehniki hemaýatkäri bolan Nike kompaniýasy londonlylaryň 1905-nji ýyldan 1907-nji ýyl aralygynda geýip oýnan ilkinji formasyndan ruhlandylar.
Bu formada “Çelsi” 17-nji sentýabrda Angliýanyň Premýer-ligasynyň 5-nji tapgyrynda “Bornmut” bilen oýnar. Häzirki güne çenli ýagdaýa görä, Maurisio Poçettinonyň topary Angliýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde 12-nji orny eýeleýär, onuň hasabynda dört utuk bar. Täze möwsümiň ilkinji dört oýnunda “Çelsi” diňe bir gezek – awgust aýynyň ahyrynda “Luton” bilen duşuşykda ýeňiş gazandy (3:0).


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....