Peugeot 3008 krossoweriniň täze neslini tanyşdyrdy

  • 15.09.2023 07:09
  • 7k+

«Peugeot» kompaniýasy «3008» krossoweriniň ikinji nesliniň ilkinji çykyşyndan ýedi ýyl soň onuň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Täze ulag «E-3008» diýlip atlandyrylýar we diňe elektrik hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr diýip, fransuz kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Peugeot E-3008» «Stellantis» konserni tarapyndan işlenip düzülen täze «STLA Medium» platformasynda döredilen ilkinji nusga boldy. Kompaniýada krossoweriň, takmynan, 400 kg gurluşlarynyň ekologiýa taýdan arassa materiallardan ýasalandygyny aýtdylar. Ýeňil awtoulagyň uzynlygy 4,5 metre deňdir, salonda 21 dýuýmlyk giň ekran ýerleşdirilendir, goş goýulýan bölümiň (bagažnigiň) göwrümi bolsa 520 litrdir. Täze nusga iki görnüşde we üç sany elektrik geçirijili nusgada hödürlener.
Birinjisinde elektrik hereketlendirijiniň kuwwaty 210 at güýjüne, bir zarýadda geçýän aralygy 525 km-e deňdir. Kuwwaty 326 at güýji bolan iki hereketlendirijili, ähli tekerleri hereketli nusga hem bir zarýadda şol aralygy geçmäge ukyplydyr. «E-3008-iň» iň uzak aralygy geçmäge ukypdy nusgasynda kuwwaty 230 at güýji bolan bir elektrik hereketlendirijisi ýerleşdirildi, şeýle krossoweriň geçip biljek iň uzak aralygy 700 km. Çalt zarýad bermek tehnologiýasy ýarym sagadyň dowamynda batareýanyň energiýasyny 20%-den 80%-e çenli doldurmaga mümkinçilik berýär.
Täze «Peugeot E-3008-iň» önümçiligi Fransiýanyň Soşo şäherindäki zawodda ýola goýlar. Awtoulaglar 2024-nji ýylyň fewral aýynda satuwa çykarylar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......