ABŞ uly tebigy betbagtçylyklaryň sany boýunça täze rekord goýdy

  • 14.09.2023 17:26
  • 57k+

Gawaýidäki otly tupan we “Idaliýa” harasaty sebäpli güýçli tolkun ABŞ-nyň 1 mlrd dollardan gowrak ýitgä getiren tebigy betbagtçylyklaryň sany boýunça gynandyryjy rekordy goýmagyna getirdi. Bu barada “Golos Ameriki” habar berýär diýip, forbes.kz belleýär.

Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasy şu ýylyň ýanwar aýyndan awgust aýy aralygynda ABŞ-da 1 mlrd dollardan gowrak ýitgä getiren 23 sany adatdan daşary howa hadysasynyň bolup geçendigini habar berdi.
22 sany şeýle hadysa bolan öňki rekord 2020-nji ýylda goýlupdy. Umuman alanyňda, şu ýylyň tebigy betbagtçylyklary 57,6 mlrd dollar möçberde zyýan getirip, azyndan 253 adamyň ölümine sebäp boldy.
Klimatolog Adam Smit bu görkezijiniň Kaliforniýadaky “Hillari” tupanynyň hem-de ABŞ-nyň Günortasyndaky we Orta Günbataryndaky güýçli gurakçylygyň ýetiren zyýanyny öz içine almaýandygyny, sebäbi onuň heniz hasaplanmandygyny düşündirýär.
Edara 1980-nji ýyldan bäri milliard dollara we ondan hem ýokary mukdarda ýitgä getirýän tebigy betbagtçylyklary hasaba alýar. Sanawyň soňky täzelenmesinden soň, edara oňa milliardlarça dollar ýitgili sekiz sany täze betbagtçylygy goşdy. “Idaliýadan” we 115 adamyň ölümine getiren Gawaýidäki otly tupandan başga-da, sanawa iýul we awgust aýlarynda ABŞ-nyň dürli künjeklerinde bolup geçen güýçli tupanlar, suw joşmalar goşuldy.
Hünärmenleriň pikiriçe, ABŞ tebigy betbagtçylyklara uýgunlaşmak üçin goşmaça çäreleri görmeli, sebäbi ýagdaý hasam ýaramazlaşar.


09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....