Hem tygşytly, hem çydamly: türkmen telekeçisi gurluşyk haryt bazaryna perlitli gips suwagyny hödürleýär

  • 11.09.2023 18:20
  • 16k+

Türkmen telekeçisi ýyly pol, fasad işleri we içki işler üçin «Termokompleks» (Thermocomplex) haryt nyşanly perlitli gips suwagyny hödürleýär. Türkmenistan üçin täze bolan bu önüm ulanmak üçin ýeňil, ekologiýa taýdan arassa, baha babatda amatly, şeýle hem çydamly material bolup durýar. Russiýa Federasiýasynda öndürilýän bu önüm gurluşykda suwag üçin zerur bolan birnäçe goşmaça çykdajylaryň öňüni almaga kömek eder.

PERLIT näme?
Perlit – bu wulkanik madda. Ýagny wulkanyň düzüminde emele gelen aýnadyr. Onuň beýleki tebigy minerallardan düzüminde 2-6% suwuň barlygy sebäpli, belli bir temperatura çenli gyzdyrylan mahaly göwrüminiň asyl görkezijilerinden 4-20 esse ýokarlanmagy bilen tapawutlanýar. Perlit oda çydamly material bolup, ulanyş temperaturasy -200-den +900 gradusa çenlidir.
Özboluşly aýratynlyklara eýe bolanlygy sebäpli, «Termokompleks» perlitli gips suwagy köp sanly gurluşyk gatlagyny — setkany, ýönekeý suwagy, gidroizolýasion örtügi, tekizleýji materialy talap etmezden üste çalynýar. Bu bolsa sizi artykmaç çykdajylardan gorar.
«Uniwersal garyndyly» «Termokompleksiň» 2 sm galyňlykdaky suwagy her bir inedördül metre (1m2) düşýän çykdajyny 5 esse azaltmak üçin ýeterlikdir.

«Termokompleks» perlitli gips suwagynyň artykmaçlyklary:

  • Ses izolýasiýasynyň ýokarylygy;
  • Ýylylyk izolýasiýasy;
  • Gidroizolýasiýa;
  • Ýangyna çydamlylyk;
  • Ýyly pol;
  • Çalynmasy 2 sm/m2;
  • Berkidiji setkanyň zerurlygy ýok;
  • Gutarnykly dekoratiw örtük;
  • Ekologiýa taýdan arassa, zäherli maddalary saklamaýar we bölüp çykarmaýar;
  • Islendik derejede çyglylygy bolan içki jaýlaryň (şol sanda, howuzlar, sanuzeller, hammamlar, duş otaglary, ýerzeminler, podýezdler, awtoulag duralgalary we ş.m.) suwag işleri;
  • Aýnanyň we metalyň üstünden başga, islendik ýerde ulanylyp bilinýär;
  • Dem alyş aýratynlygyna eýe bolup, çyglylygy çykarmagy üpjün edýär we heňlemegiň öňüni alýar;
  • Jaýyň daşyny izolýasiýa etmekde ulanylýan ähli serişdeleriň ornuna ulanyp bolýar;
  • Ýylylygy tygşytlaýar we jaýyň içindäki sesiň derejesini peseldýär;
  • Mikroorganizmlere we gemrijilere garşy çydamly;
  • Köne ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş we dikeldiş işleri geçirilende, gatlaryň arasyndaky böwetlere we diwarlara agram bermeýär.

Türkmenistanda bu önüm 3 görnüşde — ýyly pol, fasad işleri we içki işler üçin görnüşde hödürlenilýär.
Söwda lomaý we bölekleýin görnüşde amala aşyrylýar.
Eltip bermek hyzmaty bar.

Habarlaşmak üçin:
Tel: +99364 60-81-87;
+99365 26-83-02;
+99365 59-50-30.
Salgysy: Aşgabat ş., «Ak tam» bazary.

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....