NYP: lotereýada 2,2 mln dollar utan iňlis zenany ähli puluny sekiz ýylyň içinde gutarypdyr

  • 11.09.2023 17:40
  • 41k+

Iňlis zenany Lara Griffits 2005-nji ýylda lotereýa oýnunda 2,2 million dollardan gowrak pul utdy we ony bary-ýogy sekiz ýylda sowup gutardy. Nýu-Ýork Post bu barada South West News Service-e salgylanyp ýazýar.

Baýragy alanyndan 20 ýyl töweregi wagt geçensoň, Lara Griffits puluny sowanyna ökünmeýändigini boýun alýar.

“Adamlar maňa samsyk diýýärler, plastiki operasiýalar üçin aşa köp pul sowranmyşym (pumped full of plastic surgery) we çagalarym hem elimden alynmalymyş. Ýöne men pulumy paýhasly sarp etdim we wagtymy hoş geçirdim" - diýip, 53 ýaşly britaniýaly zenan muňa birjikde ökünmeýär.

Lara we onuň adamsy Rojer Griffitsler ilkinji uly çykdajylaryny on günlük Dubaýa syýahata gidenlerinde etdiler. Olaryň aýdyşlaryna görä, uçara petegiň tygşytly görnüşini satyn almak bilen, “artykmaç pul sowurmandyrlar”.
Soň bolsa olar 187 müň dollarlyk salon satyn alypdyrlar. Şeýle hem, är-aýal 560 000 dollarlyk jaý üçin ipoteka karzyny alypdyrlar we maýa goýum hökmünde 30 sany ulanylan awtoulag we 15 sany dizaýner sumkasyny satyn alypdyrlar.
Lara Griffits ýyllyk girdejisi 50 000 dollar bolan mugallymçylyk kärini taşlapdyr, sebäbi gazanan utuşy sebäpli kärdeşleriniňdir okuwçylarynyň  özüne garaýşy üýtgäp biler diýip hasaplapdyr. Salonda ol aýlyksyz işläpdir. Ýöne hanym Griffitsiň ýüregi gysypdyr, sebäbi ol öz mugallymçylyk işini juda gowy görýär eken.
Lara adamsynyň aýdym-saz karýerasy köp pul sarp edendigini tassyklaýar. Ol öz talyplar toparynyň albomyny çykartmak üçin 30 müň dollar beripdir.
Lotereýada utanyna sekiz ýyl bolanda, olaryň pullary gutarypdyr, şonda Lara bilen Rojeriň nikasy hem bozulypdyr. Lara Griffits häzirki wagtda 86 ýaşly ejesi we iki gyzy - 16 ýaşly Kitti we 19 ýaşly Rubi bilen dört otagly jaýda ýaşaýar.

“Ýalňyşandygymy indi bilýärin. Soňky on ýyldan bäri, näme bolsa-da, çagalaryma gowusyny etmäge çalyşýaryn. Emma lotereýa "meniň durmuşymy bulaşdyrmady" –diýip iňlis zenany nygtaýar. Ol özüne "tragiki gahryman" hökmünde seredilmegini halamaýandygyny aýdýar.


19.06.2026 19:18
3.2k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......