2030-njy ýyla çenli emeli aň ABŞ-da 2,4 million iş ornuny eýelär

  • 11.09.2023 10:57
  • 8.1k+

Generatiw emeli aň diňe ABŞ-da üstümizdäki onýyllygyň ahyryna çenli 2 milliondan gowrak iş ýerini alar.

Forrester-iň analitikleriniň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli AI ABŞ-da 2,4 million iş ornuny tutar, esasanam, akyl zähmetiniň dürli görnüşleri  bilen meşgullanýan ofis işgärleri kyn ýagdaýda galarlar. Şol bir wagtyň özünde AI 11 million iş ýerine belli bir derejede täsirini ýetirer.
Umuman aýdanyňda, awtomatlaşdyryş we AI ulgamlary 2030-njy ýyla çenli ABŞ-daky iş ýerleriniň 4,9% -ini eýelär we şolaryň 30% -i emeli aňyň generatiw ulgamlary bolar. Eýýäm şu ýyl şeýle AI-ler, takmynan, 90 000 iş ornuny tutar we bu ol ýa-da beýleki görnüşde awtomatlaşdyryş ulgamlary tarapyndan eýelenjek iş ýerleriniň 9,3% -ini emele getirer.
Analitikler işgäriň bilim derejesi näçe ýokary bolsa, generatiw AI-niň onuň işine şonça köp täsir etjekdigini belleýärler. Aýlyklar babatynda hem şuňa meňzeş tendensiýany görmek bolar: ýyllyk gazanjy 60 000 dollardan az bolan işçiler  ýylda 90 000 dollar ýa-da ondanam köp gazanýanlardan az ejir çeker.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......