Renault täze ýedi orunlyk kompaktwenini tanyşdyrdy

  • 10.09.2023 12:52
  • 10k+

«Renault» fransuz kompaniýasy Mýunhende geçirilen «IAA Mobility 2023» sergisinde ýedi orunlyk «Grand Kangoo» kompakywenini tanyşdyrdy. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berýär.

Awtoulagda ýedi aýry oturgyjyň bardygy bellenilýär – üçüsi ikinji hatarda, öňdäki we üçünji hatarlaryň hersinde ikisi ýerleşýär. Ulagyň ýük goýulýan bölümi (bagažnigi) 500 litrlik göwrüme eýedir, yzky oturgyçlar aýrylyp, ol 3750 litre çenli giňeldilip bilner. Bu ýagdaýda daşalýan ýükleriň uzynlygy 3,1 metre çenli ýetip biler.
Awtoulag 95 we 130 at güýji kuwwaty bolan ýangyç hereketlendirijili hem-de 122 at güýji kuwwaty bolan elektrik hereketlendirijili nusgalarda elýeterli bolar.
«Renault Grand Kangoo-nyň» satuwy şu ýylyň ahyrynda başlanar we ilkinji awtoulaglar 2024-nji ýylyň başynda müşderilere ýetiriler. Ulagyň nusgalarynyň bahalary soň yglan ediler.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....