Neýmar Peläniň rekordyny täzeledi

  • 10.09.2023 12:39
  • 21k+

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Boliwiýanyň milli ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda dubl bilen tapawutlandy. Bu duşuşykda braziliýalylar garşydaşlaryny 5:1 hasabynda ýeňmegi başardylar.

Şeýlelikde, hüjümçi Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 79 gola adyny ýazdyryp, bu görkeziji boýunça milli ýygyndy toparynda karýerasynda 77 pökgi geçiren meşhur futbolçy Peleden öňe geçdi.
Boliwiýa bilen geçirilen oýunda Neýmar 17-nji minutda bellenen 11 metrlik jerime urgusyny amala aşyryp bilmedi.
Neýmar 2023-nji ýylyň tomusky transfer möwsüminde Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» klubyna geçdi. Oýunçynyň resmi tanyşdyrylyşy 19-njy awgustda geçirildi. Transfermarkt portalynyň habaryna görä, Saud Arabystanynyň kluby 15-nji awgustda braziliýaly hüjümçini 90 million ýewro satyn aldy.


düýn 21:08
2.7k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 00:06
5.2k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
3.5k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

16.05.2026 20:02
11k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....