Elektrikli awtoulaglaryň dünýä boýunça satuwy 17,9 milliona birlige ýeter

  • 09.09.2023 18:25
  • 7.2k+

2023-nji ýylyň ahyryna çenli elektrikli ýeňil ulaglaryň (elektrik hereketlendirijili we geçirilýän gibridler) dünýä boýunça üpjün edilişi üçden bir esse artyp, 15 milliona ýeter diýip, Gartner gözleg kompaniýasynyň çaklamasyna salgylanýan Trend habar berýär.

Çaklamalara görä, 2024-nji ýylda ösüş 19% bolar, ýagny üpjünçilik 17,9 million awtoulaga ýeter.
Ýeňil we ýük awtoulaglary we awtobuslar ýaly ähli elektrik ulaglarynyň satuwy şu ýyl 15,4 milliondan (34% ýokarlanar) we indiki ýyl 18,45 milliondan (20% ýokarlanar) geçer.
Elektrik hereketlendirijili ýeňil ulaglaryň (BEV) üpjünçiligi 2023-nji ýylda, geçen ýylky 9 million ulag bilen deňeşdirilende, takmynan, 11 milliona çenli artar we geçirilýän gibrid ulaglary (PHEV) 3 million bolanlygyndan 4 milliona ýeter diýip, Gartner-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Hünärmenler 2030-njy ýyla çenli awtoulag söwdasynyň ýarysyndan gowragyny elektrikli ulaglar tutar diýip çaklaýarlar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......