Güne tarap ugran Aditya-L1 hindi stansiýasy Ýeriň fonunda selfi düşdi

  • 09.09.2023 16:04
  • 13k+

Güni öwrenmek üçin 2-nji sentýabrda uçurylan Aditya-L1 hindi stansiýasy uzak möhletli ýörişe ugramazdan ozal Ýeriň pes orbitasynda enjamlary synagdan geçirýär.

Zond, takmynan, dört aýyň içinde Ýer bilen Günüň arasyndaky Lagranža L1 nokadyna, planetamyzdan Günüň ugruna tarap, takmynan, 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän durnukly grawitasiýa nokadyna ýeter.

“L1 nokadynyň töweregindäki galo-orbitadaky hemra Güne göz gamaşmasyz ýa-da öňi tutulmazdan yzygiderli syn etmegiň esasy artykmaçlygyna eýe. Bu Günüň işjeňligini we onuň hakyky wagtda kosmosyň howasyna täsirini synlamakda uly artykmaçlyk berer " - diýip, Aditya-L1 missiýasynyň beýanynda aýdylýar.

Aditya-L1 Güni birnäçe ugur boýunça öwrener: Gün şöhlesi we zarýadly bölejikleriň koronal çykmagy ýaly Ýer ýüzünde “demirgazyk şapagynyň” döremegine sebäp bolup bilýän we hemra ýaly, elektrik infrastruktura howp salyp biljek Gün işjeňligini öwrenmek. Mundan başga-da, teleskop Günüň syrly, NASA-nyň maglumatlaryna görä, takmynan, 1,1 million dereje gyzgynlyga ýetip biljek gyzgyn daşky atmosferasyny barlar, Günüň beýleki gatlaklary beýle yssy däl, bu bolsa alymlar üçin heniz syr bolmagynda galýar.


şu gün 10:51
724

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

04.06.2026 19:55
5.8k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......