Ugandada dowamly el çarpyşma boýunça dünýä rekordy goýuldy

  • 09.09.2023 14:06
  • 18k+

Ugandada ýerli dini jemagat dowamly el çarpyşmalar boýunça dünýä rekordyny goýdy. Olaryň üç sagatdan gowrak dowam eden üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu barada rbclife.ru habar berýär.

926 adam Ugandanyň paýtagty Kampalada jemgyýetde “Iisusa el çarpyşmalar” diýlip atlandyrylan dünýä rekordyny goýmak üçin ýygnandy. Ýygnananlar jemi 3 sagat 16 minutlap bilelikde el çarpdylar. Olar sesiň ortaça derejesini 88,5 Desibelde (dB) sakladylar. Bu möhümdir, sebäbi rekordyň ykrar edilmegi üçin el çarpyşmalaryň sesi tutuş wagtyň dowamynda 80 dB-den ýokary bolmalydy.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň düzgünlerine laýyklykda, çäräniň her bir gatnaşyjysy üznüksiz el çarpmaly – eger kimdir biri saklansa, ol topardan aýrylýar. Hatda hajathana hem çykmak mümkin däldi, eger gatnaşyjy suw içmek islese, guramaçylar şol bir wagtyň özünde suw içip hem el çarpyp biler ýaly, onuň agzyna suw tutýardylar. Rekord goýmak synanyşygy göni ýaýlymda görkezildi we Ugandadaky adamlar gatnaşyjylara goldaw hökmünde el çarpdylar diýip, rekordlar kitabynyň saýtynda aýdylýar.
Şeýlelik bilen, Afrika ýurdunyň ýaşaýjylary 2019-njy ýylda Beýik Britaniýada geçirilen The Festival of Awesomeness festiwalynda goýlan 2 sagat 5 minut bolan öňki rekordy täzelediler.
Ilkibaşda el çarpyşmalaryň dowamlylygy boýunça rekord 1991-nji ýylda goýuldy. Şonda 1991-nji ýylyň 30-njy iýulynda Wena döwlet operasynda ispaniýaly opera aýdymçysy Plasido Domingo üçin “Otella” operasyny ýerine ýetireninden soň 1 sagat 20 minutlap el çarpyldy.
Bu rekord 2002-nji ýylda jemagat Grabowsky nemes toparynyň çykyşyndan soň 1 sagat 30 minutlap el çarpanda täzelendi.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....