MINI markasy mehaniki korobkadan resmi taýdan ýüz öwürdi

  • 08.09.2023 08:20
  • 8.2k+

Ýazda hödürlenen çäkli mukdarda goýberilen MINI JCW hot-hetç mehaniki korobkaly iň soňky MINI bolar. Muny Top Gear markasynyň başlygy Stefani Wýurst tassyklady. Şol bir wagtyň özünde, marka sport modellerini ösdürmekden we öndürmekden ýüz öwürmez.

MINI Cooper-iň täze neslinde mehaniki korobka bolmaz. Hetç eýýäm Mýunhen awtoulag sergisiniň çäklerinde, ýöne diňe batareýaly görnüşde hödürlendi. Şeýle-de bolsa, Stefani Wýurst geljekde üç gapyly elektrikli ulagyň içerki ýangyç hereketlendirijili alternatiwasynyň hem boljakdygyny wada berdi.
Mundan başga-da, Wýurstyň aýdyşyna görä, markanyň, onda-da onuň elektrikli görnüşiniň awtosport ýaryşyna gatnaşmak niýeti ýok däldir. Şeýle-de bolsa, onuň haýsy ýaryş boljakdygy barada entek hiç hili karara gelinmedi. MINI-iň baş direktory kompaniýanyň batareýaly sport awtoulaglaryny şowly ulanyp boljak dürli ugurlary gözden geçirmegi dowam etjekdigini aýtdy.
MINI Cooper-iň täze neslini iki elektrik gurluşly - 184 ýa-da 218 güýji bolan görnüşde ilki görkezdi, iň ýyndamy sagatda 100 km tizligi 6,7 sekuntda alar. Şol bir wagtyň özünde, benzinli we elektrikli hereketlendirijileri bilen hödürlenjek JCW-iň “zarýadly” wersiýasynyň boljakdygy eýýäm mälim.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....