«Yhlas Kagyz» HK Hytaýyň kuwwatly LiuGong gurluşyk tehnikalaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hödürleýär

  • 07.09.2023 09:39
  • 135k+

«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ulanmak üçin niýetlenen Hytaýdan getirilýän dürli görnüşli LiuGong gurluşyk tehnikalaryny we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny hödürleýär.

Hödürlenýän önümleriň hatarynda LiuGong tehnikalary, pagruzşikler, greýdirler, katoklar, forklifler , ekskawatorlar, buldozerler, ýaglar we ş.m. bar. Şeýle hem bu tehnikalaryň ähli ätiýaçlyk şaýlary amatly bahadan hödürlenilýär.
«Yhlas Kagyz» HK 13 ýyldan gowrak wagt bäri Hytaýyň gurluşyk tehnikalaryny öndürýän LiuGong kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolup gelýär. Bu döwürde Hytaýyň bu tehnikalary türkmen bazarynda özüni aldyryp, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda giňden ulanylyp gelinýär.

«Yhlas Kagyz» HK şu artykmaçlyklary hödürleýär:

  • ähli tehnikalara 1 ýyl ýa-da 2000 motor sagat kepillik bar;
  • ähli tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlary bar;
  • ähli tehnikalara serwis hyzmatlary edilýär.
Hytaýyň LiuGong Machinery Co., Ltd. Kompaniýasy 65 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edip, bu günki gün gurluşyk tehnikalarynyň öndürmek boýunça dünýäde 15-nji orny eýeleýär.
Häzirki wagta çenli kompaniýa diňe pagruzşikleriň 500 müňden gowragyny çykardy.

Gurluşyk tehnikalary dünýä belli Cummins (ABŞ), ZF (Germaniýa), Rexroth (Germaniýa), Ka-wasaki (Ýaponiýa) kompaniýalaryň önümlerinden öndürilýär.
Kompaniýa gurluşykda dürli maksatly işler üçin niýetlenen 19 görnüşli tehnikany öndürýär. Bu tehnikalar dolandyrmak, ideg etmek we saklamak üçin ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Bu tehnikalaryň ählisini hem Türkmenistandan alyp bolýar.

LiuGong tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny «Yhlas Kagyz» HK-nyň serwis merkezlerinden alyp bolýar. Zerur bolanda goşmaça ätiýaçlyk şaýlary Hytaýdaky zawoddan 2 hepdäniň içinde getirdip bolýar.
«Yhlas Kagyz» HK-nyň ýurdumyzda 2 sany serwis merkezi bar. Bu ýerde işine ussat inženerler zerur ideg we maslahat hyzmatlaryny berýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Türkmenistan şaýoly 97/1, «Maksat Mebel» dükany, 3-nji gaty «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy.
Tehnikalary ammardan taýyn almak üçin ýerleşýän ýeri Aşgabat ş.​ “Altyn Asyr” Gündogar bazary (Jygyllyk) we Owadandepe önümçilik bazasy.
Ätiýaçlyk şaýlary​ ýerleşýän Dükany​ Aşgabat ş., Büzmeýin Jülge gara ýol 2 km.
Habarlasmak üçin telefonlar:
+99363 42-90-03 Tehnika söwdasy üçin soraglar boýunça. E-mail: geldi3649@gmail.com;
+99363 42-90-06+99363 42-90-07 ätiýaçlyk şaýlary üçin. E-mail: yhlaskagyz11@gmail.com;
+99363 42-90-02 serwis hyzmaty üçin

25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......