Belgiýaly suwda ýüzüji durmazdan 131 km ýüzüp geçdi

  • 06.09.2023 12:19
  • 17k+

Deňizde durman ýüzmek boýunça dünýä rekordyny belgiýaly türgen Matýe Bonne täzeledi. Ol 60 sagat 55 minutda Gresiýanyň Korinf aýlagynda 131 kilometri ýüzüp geçdi. Bu barada “The Brussels Times” gazetine salgylanyp, rossaprimavera.ru habar berýär.

Bonne Korinf aýlagyny ýörite saýlady, sebäbi ol ýerde göni ugur boýunça 100 kilometrden gowrak aralygy ýüzüp geçip bilýärdi, bu hem onuň rekord synanyşygy üçin iň amatly ýer boldy.
Öňki üstünlik Maltadan 125,7 kilometri geçen olimpiýa ýüzüjisi Nil Agiusa degişlidi.
Şu ýylyň başlarynda Bonne ýedi günde 3619 kilometri welosipedli geçip, başga bir dünýä rekordyny goýdy diýip, neşir belleýär.


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....