OpenAI baş direktory Sem Altman Indoneziýanyň "altyn wizasyny" aldy

  • 05.09.2023 21:57
  • 6.3k+

OpenAI-yň baş direktory Sem Altman ilkinji bolup Indoneziýa 10 ýyllyk "altyn wiza" aldy. Bu barada Bloomberg agentligi ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berdi.

Indoneziýanyň immigrasiýa gullugynyň başlygy Silmi Karimiň sözlerine görä, bu karar Altmanyň "bütin dünýäde tanalýandygy we Indoneziýa peýda getirip biljekdigi" bilen baglanyşykly. Ýurtda uzak wagtlap ýaşamakdan başga-da, şeýle wizanyň eýesine ýönekeýleşdirilen giriş we çykyş amallaryna rugsat berler.
Altman iýun aýynda Jakarta eden sapary wagtynda “altyn wiza” üçin özi ýüz tutdumyka ýa-da Indoneziýanyň ykdysadyýetine maýa goýmak isleýärmikä, heniz mälim däl diýip, agentlik ýazýar.
Indoneziýa milli ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen daşary ýurtly we korporatiw maýadarlary çekmek üçin “altyn wiza” ulgamyny girizýär. Şeýle resminamany 5-10 ýyllyk möhlet üçin alyp bolýar diýip,  The Jakarta Post duşenbe güni habar berdi.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......