App Store-da täze bölüm peýda boldy

  • 05.09.2023 16:43
  • 7.1k+

«Apple» App Store-da «Apple-den ykjam goşundylar» («Приложения от Apple» – «Apple Apps») atly täze bölümiň açylandygyny habar berdi. Bu barada maglumat kompaniýanyň resmi web sahypasynda peýda boldy.

Bu bölüm «iPhone», «iPad», «Apple Watch», «Mac» we «Apple TV» üçin üçünji taraplar tarapyndan däl-de, gönüden-göni «Apple» tarapyndan işlenip düzülen we goldanylýan ykjam goşundylary öz içine alýar. Hususan-da, bu sanawda «Safari» brauzeri, «iMessage» messenjeri, «Final Cut Pro» wideo redaktory we beýlekiler bar.
«Apple» ähli hyzmatlaryny birnäçe kategoriýalara böldi. Jemi sekiz bölüm bolup, häzirki wagtda «Aragatnaşyk», «Döredijilik», «Önümçilik», «Gözleg», «Güýmenje» kategoriýalary elýeterlidir.
Geljek hepdede, 12-nji sentýabrda «Apple» iri güýzki tanyşdyryş dabarasyny geçirer we onda täze «iPhone», «Apple Watch» hem-de «AirPods» enjamlaryny tanyşdyrar.


düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....