Mini kompaniýasy «Cooper» we «Countryman» kysymly elektrikli ulaglaryny çykardy

  • 04.09.2023 15:14
  • 12k+

«Mini» «Cooper» we «Countryman» kysymlarynyň täze neslini tanyşdyrdy. Olaryň ikisi hem diňe elektrik hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylar diýip, öndürijiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bäşinji nesil «Mini Cooper» üýtgeşmä baglylykda, 184 at güýjüne (290 Nm) ýa-da 218 at güýjüne (330 Nm) eýe bolar. Birinji ýagdaýda hetçbek goşmaça zarýad almazdan 305 km, ikinjisinde bolsa 402 km çenli ýol geçip biler. Iň güýçli nusgasy 100 km tizlige 6,7 ​​sekuntda ýetmäge ukyplydyr.
Täze «Countryman» ulagynyň esasy nusgasy 204 at güýjüne (250 Nm) eýedir. Has gymmat nusgasynda çekiş ähli tekerlere geçirilýär, onuň hereketlendirijisi 313 at güýji öndürýär (494 Nm) we duran ýerinden 100 km/sag tizlige 5,6 sekuntda çykýar. Kuwwat ätiýaçlygy – öňdäki tekerleri hereketli nusgasynda 462 km-e çenli, ähli tekerleri hereketli nusgasynda bolsa 433 km-e çenlidir.
Iki nusganyň hem salonynda diametri 240 millimetr bolan tegelek OLED ekrany bardyr, ol gurallar paneliniň we multimediýa ulgamynyň funksiýalaryny özünde jemleýär hem-de sesli dolandyrylýar. «Cooper» we «Countryman» kysymlarynyň salonynda tormoz dolandyryşy, hereketlendiriji düwmesi, sesli dolandyryş, şeýle hem smartfon üçin simsiz zarýad beriji ýerleşdirilendir.
Şeýle hem kompaniýa 2024-nji ýylyň aprelinde «Mini Aceman» tanyşdyryljakdygyny mälim etdi.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......