BMW geljegiň awtoulagynyň nähili boljakdygyny görkezdi

  • 03.09.2023 21:15
  • 33k+

«BMW» özüniň täze awtoulaglarynda geljekde nähili tehnologiýalaryň ulanyljakdygyny görkezmek üçin döreden «Vision Neue Klasse» konsept awtoulagynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu barada bawariýaly öndürijiniň metbugat gullugy habar berdi.

«BMW AG-nyň» Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Oliwer Zipseniň bellemegine görä görä, kompaniýa 2025-nji ýylda ilkinji gezek «Neue Klasse» kysymynyň köpçülikleýin önümçilik nusgasyny taýýarlar. Awtoulag elektrik hereketlendiriji ulgamy we 21 dýuýmlyk diskler bilen üpjün edilendir, şeýle hem onuň dürli bölekleri gaýtadan işlenen materiallardan ýasalandyr, arka çyralary bolsa 3D çap enjamynda çap edilendir.
«BMW» konsept awtoulagy bilen bilelikde ilkinji gezek maňlaý aýnasynyň tutuş ini boýunça proýeksiýa bolan «Panoramic Vision» ulgamyny hödürledi. Maňlaý aýnasynda we multimediýa ulgamynyň parallelogram şekilli ekranynda görkezilen maglumatlary hereketler arkaly dolandyryp bolýar. Ulagyň salonynda bezeg hromy we deri düýbünden peýdalanylmandyr.
Konsept awtoulagynda ulanylan «BMW eDrive» tehnologiýasynyň altynjy nesli batareýanyň zarýad beriş tizligini we elektrik awtoulagynyň hereket ätiýaçlygyny 30% ýokarlandyrýar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......