Barselona işlemek we dynç alyş üçin iň gowy şäher boldy

  • 03.09.2023 21:04
  • 12k+

International Workplace Group (IWG) maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan işlemek we dynç alyş üçin iň oňat şäherleriň sanawynda Barselona birinji orunda durýar. Sanawda jemi 26 şäher bar.

IWG sanawynyň ilkinji bäşligine Toronto, Pekin, Milan we Nýu-Ýork hem girdi diýip, CNBC habar berdi. IWG-iň dolandyryjysy Darren Rojers: "Kategoriýalar daşary ýurtda işlemek üçin iň amatly şertlere esaslanyp saýlandy" - diýdi. 

Şäherlere aşakdaky ölçeglere laýyklykda baha berildi:

  • howasy,
  • medeni durmuşynyň baýlygy,
  • ýaşaýyş jaýynyň elýeterliligi (dollarda kärendäniň ortaça bahasy),
  • ulag (aýlyk ulag peteginiň bahasy),
  • azyk önümleriniň bahasy,
  • internetiniň tizligi,
  • bagtlylyk derejesi,
  • gibrid iş ýerleriň bolmagy.

Barselonada jaýy kärendesine almagyň ortaça bahasy aýda 1158 dollar. Deňeşdirmek üçin: Nýu-Ýorkda öýüň aýlyk kärendesi ortaça 3 632 dollar. Barselonada bir kofe, Los Anželesdäki 4,92 dollar, Pekindäki 4,57 dollar bilen deňeşdirilende, 2,68 dollar.
IWG gibrid režimde işleýän hünärmenler bilen söhbetdeşlik geçirdi, ýagny aralykdan işlemäge hem, ofisde işlemäge hem mümkinçilik bar. Gözlegiň netijelerine görä, pikir soraşma gatnaşanlaryň 57% -i daşary ýurda syýahat etmegi we işlemegi ileri tutýar.


22.05.2025 20:45
6k+

Ispaniýanyň Benidorm şäherindäki Lewante kenary Ýewropada iň arassa kenar boldy

Benidorm şäherindäki Lewante dynç alyş kenary Express britan neşiri tarapyndan Ýewropada iň arassa kenar diýlip atlandyryldy. Ispaniýanyň gündogar kenarýakasyndaky bu şypahana şäheri syýahatçylara diňe bir oturylyşyklary däl, eýsem owadan tebigaty bolan kenarda rahat dynç alşy hödürleýär...

05.04.2025 22:00
7.6k+

Ispaniýa daşary ýurtlulara “altyn wiza” bermegi bes etdi

3-nji aprelde Ispaniýada daşary ýurtlulara maýa goýumlary üçin ýaşamak ygtyýarnamasyny berýän “altyn wiza” maksatnamasyny ýatyrýan kanun güýje girdi. Bu kanun maýadarlar üçin rezident wizalaryny bermegi düýbünden...

08.12.2024 11:01
6.2k+

2024-nji ýylyň iň gowy syýahatçylyk şäherleriniň reýtingi düzüldi: Pariž, Madrid...

Pariž 2024-nji ýylyň iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň ýyllyk reýtinginde birinji orny eýeledi. Dünýäniň öňdebaryjy 20 şäherinden ybarat sanaw Euromonitor International hyzmaty tarapyndan düzüldi diýip, Daily Mail habar...

09.06.2024 15:14
10k+

“The Restaurant” žurnaly şu ýylyň iň gowy restoranyny saýlady

Britaniýanyň “The Restaurant” žurnaly “Dünýäniň iň gowy 50 restorany” reýtingini hödürledi. Ýyllyk reýtingde birinji orny Barselonanyň Disfrutar restorany eýeledi. Restoranyň hasabynda üç Michelin ýyldyzy bar....