Türkiýäniň günorta-gündogarynda meteorit gaçdy

  • 03.09.2023 20:33
  • 26k+

Türkiýäniň günorta-gündogarynda uly meteorit gaçdy. Bu barada NTV teleýaýlymy habar berýär diýip, rbc.ru belleýär. Bu waka 2-nji sentýabrda ýerli wagt bilen 20:15 töweregi bolup geçdi.

Kosmos jisiminiň gaçyşyna birbada birnäçe welaýatyň: Gaziantepiň, Malatýanyň, Erzurumyň, Şanlyurfanyň we Elýazygyň ýaşaýjylary syn etdi. Bu babatda türk häkimiýetlerinden heniz resmi beýanat ýok.
Meteoryň gaçyşy wideo düşürildi. Obýekt ýaşylymtyl yşyk ýaýradyp, howada öz yzyndan uly bolmadyk guýruk galdyrdy. Hadysa yşykly lowurdy bilen utgaşdy.


07.03.2026 20:33
6.8k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

24.02.2026 10:49
13k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

18.12.2025 11:45
12k+

Türkiýäniň Mermer deňziniň suwy gysga wagtyň içinde kenardan 20 metr çekildi

Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Marmaraereglisi şäheriniň ýaşaýjylary Mermer deňziniň suwunyň kenarýakadan birden 20 metr çekilendigi barada habar berdiler. Netijede, 16-njy dekabrda kenarýakada çäge adajyklary emele geldi diýip, Haberturk teleýaýlymy habar berýär...

11.08.2025 14:12
22k+

Türkiýede 6,1 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi

Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir şäherinde 6,1 bal ululykda ýertitreme hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentine (AFAD) salgylanyp, TRT Haber habar berýär...