Aşgabat gipermarketi arzan bahalary we söwdanyň aňsat usulyny hödürleýär

  • 02.09.2023 22:24
  • 27k+

Gipermarket näme? Gipermarket diýlende näme göz öňüňize gelýär?
Aslynda, gipermarket—azyk hem azyk däl harytlarynyň giň toplumyny ägirt uly meýdanda hödürleýän söwda kärhanasy. Ol diňe bir azyk ýa-da hojalyk harytlary däl, eýsem, müşderiniň bazardan tapyp biläýjek (hatda bazarda-da  duş gelmeýän  bolup biler) ähli harytlarynyň toplanan ýeri.
«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Aşgabat» gipermarketi gündelik hojalyk üçin zerur harytlardan başlap, uly tehnikalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. TmCars Habarlar bu gipermarket barada habar berýär.

Bazar bahasyndan, ýöne gipermarketden
«Aşgabat» gipermarketinde 80 müňden gowrak haryt bar. Gipermarket harytlarynyň amatly bahasyny we ýokary hilini kepillendirýär. Gipermarket harytlarynyň hiline, möhletine, terligine berk gözegçilik edýär. Satyjylar bolsa müşderä gerek harydyny saýlamaga kömek eder.

Ýola çykyp gitmegi kyn görýänler üçin
Yssy howada ýola çykyp, ýüklenip gelmegi kyn görýänler, emma internetden söwda etmän, öz eli bilen haryt saýlamagy isleýänler üçin «Aşgabat» gipermarketi söwdanyň aňsat usulyny hödürleýär. Gipermarket 500 manatlyk söwda etjekleri ýörite ulag ugradyp öýlerinden alyp gaýdýar, söwdasyny tamamlanyndan soň bolsa, ýene-de ulagly öýlerine eltip gaýdýar.
Ýa-da asla öýde oturan ýeriňizden hem jaň arkaly sargytlaryňyzy berip bilersiňiz. 350 manatlyk söwda etjekler üçin eltip bermek hyzmaty MUGT.

Talyplar üçin ýeňillik
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, «Aşgabat» gipermarketi talyplar üçin aksiýa yglan etdi. Gipermarket talyp şahadatnamasy bolan islendik müşderi üçin öýünden (umumy ýaşaýyş jaýyndan) alyp gaýdyp, öýüne eltip bermek üçin söwdanyň möçberini 300 manada çenli düşürdi. Aksiýa sentýabr aýynyň 1-5-i aralygynda dowam eder.

Çagalaryňyzy  hem ýanyňyza alyň!
Gipermarkete ugranyňyzda çagalaryňyzy hem ýanyňyzdan goýmaň! Söwda edýän wagtyňyz çagalary gipermarketdäki ýörite çagalar meýdançasynda ynamdar ellerde goýup bilersiňiz.

Diňe söwda etmek üçin däl...
Gipermarkete diňe söwda etmek üçin barmaly diýip kim aýdypdyr? «Aşgabat» gipermarketiniň içinde adybir restoran maşgalaňyz bilen dynç almagy hödürleýär. Bu ýerde datly tagamlardan dadyp, asuda ýagdaýda ýoldaşlaryňyz bilen işewür duşuşyklary hem geçirip bilersiňiz.
Galyberse-de, gipermarketiň merkezindäki kofe taýýarlap berýän nokatdan kofe alyp, söwda merkeziň giň çägine halaýan kofeňizi eliňize alyp, aýlanyp bilersiňiz.

Iş wagty 08:00-dan 23:00-a çenli.
Habarlaşmak üçin:
60-27-77 - eltip bermek hyzmaty;
+99365 81-22-92 – öýüňizden alyp gaýtmak we eltmek üçin

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......