Hytaý Aýyň üstüne ilkinji taýkonawtlaryny gondurmaga taýýarlyk görýär

  • 02.09.2023 22:02
  • 14k+

Hytaýda taýkonawtlary Aýyň üstüne gondurmak missiýasyna taýýarlyk görmek maksatnamasyny amala aşymaklyga girişildi. Bu barada CGTN teleýaýlymy Hytaýyň Pilotirlenýän kosmiki uçuşlar maksatnamasy müdirliginiň (CMSA) beren beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Teleýaýlymyň habaryna görä, taslamanyň çäginde gözleg we gurluşyk işleri eýýäm alnyp barylýar, 2030-njy ýyla çenli Hytaýyň ilkinji wekilini Aýa gondurmak meýilleşdirilýär. Bu işiň dowamynda Hytaý owalky “Çanýe” aý meýilnamalarynda modellenen, Ýeriň tebigy hemrasynyň töwereginde orbitada galar ýaly pilotsyz ulag we düşmek modulyny işe girizer. Kosmos gämisi soňra Aýyň daşyndan aýlanar we esasy stansiýa bilen biriger. Şondan soň taýkonawt gonuş modulynyň kömegi bilen Aýa gonar we gözleg işleri tamamlanandan soň bolsa onuň bilen  Ýere äkitjek kosmos gämisine dolanyp bararlar.


şu gün 10:51
398

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 20:08
4.5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

30.05.2026 20:46
2.6k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....