Ronaldu milli ligalarda geçiren gollarynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 01.09.2023 17:29
  • 12k+

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu milli ligalarda geçirilen gollaryň sany boýunça dünýä futbolynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy. Bu barada Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasynyň resmi web sahypasy habar berdi.

29-njy awgustda portugaliýaly oýunçy Saud Arabystanynyň çempionatynyň Al-Şababa garşy oýnunda dubl saldy. Şol gollar hem “Al-Nasryň” 38 ýaşly futbolçysynyň wenger oýunçysy Ferens Puşkaşdan hem-de awstriýaly we çehoslowakiýaly hüjümçi Ýozef Bisandan öňe geçmegine sebäp boldy.
Ronaldu milli çempionatlarda eýýäm 517 pökgi geçirdi. Puşkaş we Bisan hersi 515 pökgiden geçirdi. Ondan soň Lionel Messi gelýär. Argentinaly futbolçy 496 pökgi geçirdi.
Saud Arabystanyndan öň Ronaldu Portugaliýada, Angliýada, Ispaniýada we Italiýada futbol çempionatlarynda oýnady.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......