Mask: X sosial ulgamynda ses we wideo jaňlar peýda bolar

  • 01.09.2023 17:21
  • 9.2k+

X sosial ulgamynda (öňki Twitter) ses we wideo jaňlarynyň funksiýasy peýda bolar. Muny ulgamyň eýesi Ilon Mask mälim etdi.

Mask X-daky sahypasynda "X-da wideo we sesli jaňlar peýda bolar" -diýip, bu aýratynlygyň iOS we Android platformalarynda, şeýle hem Apple-iň önümlerini hem goşmak bilen, adaty kompýuterlerde elýeterli boljakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, täze funksiýanyň özboluşlylygy jaň etmek üçin abonentiň telefon belgisini bilmek zerurlygynyň ýoklugy bilen baglanyşyklydyr.
Mundan ozal, Mask wideo kontenti görmek üçin täze bir formatyň girizilendigi barada habar beripdi, bu bolsa wideony ýokarlygyna bir hereket bilen geçirmäge mümkinçilik berýär. Noýabr aýynda ol Twitter Blue-yň tassyklanan hasap ýazgylary üçin tölegli abuna ýazylyşygy girizmek isleýändigini mälim edipdi. Häzirki wagtda onuň bahasy ABŞ-daky kompýuter wersiýasyny ulanyjylar üçin aýda 8 dollar, ykjam telefon wersiýasynyň ulanyjylary üçin aýda 11 dollar.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
914

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...