Täjigistan GDA-nyň opera we balet sungatynyň merkezi bolar

  • 31.08.2023 23:49
  • 3.9k+

Duşanbede Täjigistanyň S.Aýni adyndaky döwlet akademiki opera we balet teatrynyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň opera we balet teatrlarynyň Utgaşdyryjy geňeşi dörediler. Bu başlangyç bilen Sankt-Peterburgda geçirilen Halkara festiwal-simpoziumynda opera we balet teatrynyň müdiri Kamoliddin Saýfiddinzoda çykyş etdi.

Bu barada teatryň Facebook-daky resmi sahypasynda habar berilýär diýip, pressa.tj belleýär.
GDA ýurtlarynyň opera we balet teatrlarynyň Utgaşdyryjy geňeşiniň döredilmegi Täjigistanyň opera we balet teatrynyň taslama teklibidi.
Bu pikir gyzgyn goldanyldy we eýýäm onuň amaly hem kanuny durmuşa geçirilişine başlanyldy.
Resmi kesgitlenen pikire görä, Utgaşdyryjy geňeş “kollegial organ bolup, bu ýerde Täjigistanyň teatryna ony döretmegiň inisiatory hökmünde häzirki wagtdan başlap, 2025-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk etmek hukugy berilýär”. 23-nji awgustda GDA-nyň opera teatrlarynyň müdirleriniň ilkinji mejlisi geçirilip, geljekki özara hyzmatdaşlygyň perspektiwasy we meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.


25.05.2026 07:37
2k+

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

23.05.2026 19:54
2.8k+

Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine......

29.04.2026 16:11
6.6k+

Duşanbede «akylly» ýolyşyklar gurnalyp başlandy

Duşanbe şäherinde ýol infrastrukturasyny täzelemek boýunça giň gerimli işler başlandy. Onuň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň şaýollaryndaky we köçelerindäki ähli köne ýolyşyklar döwrebap «akylly» enjamlar......

22.08.2025 13:11
4.4k+

Täjigistandaky gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda keramik suw geçiriji tapyldy

Täjigistanyň Hujand döwlet uniwersitetiniň arheologlary gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda birnäçe artefaktlary, şol sanda gadymy suw geçirijini tapdy. Tapyndy nobatdaky gezek Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň ýokary inženerlik bilimine eýe bolandygyny görkezdi diýip, Arkeonews ýazýar...