Toyota bilen Lexus-yň önümçiligi togtadyldy: Ýaponiýada Toyota-nyň 14 zawodyndan 12-sinde önümçilik durdy

  • 30.08.2023 07:32
  • 34k+

Toyota Motor kompaniýasy 29-njy awgustda, sişenbe güni irden başlanan ulgam näsazlygy sebäpli Ýaponiýadaky 12 zawodynda işini togtatmaga mejbur boldy diýip, Nikkei neşiri habar berdi.

Toyota we Lexus awtoulaglarynyň önümçiligine zyýan ýetdi. Işindäki bökdençlik sebäpli Ýaponiýanyň iň iri awtoulag öndürijisi bölek şaýlar üçin sargytlary taýýarlap bilmeýär. Toyota gündiz zawodlarynyň işiniň dikeldiljegi-dikeldilmejegi barada heniz belli bir zat aýtmady.
Içerki 14 sany zawodyň 28 önümçilik liniýasyndan 12 zawodda 25 liniýa togtadyldy. Fukuoka prefekturasyndaky Miýate zawodynda iki liniýa we onuň Daihatsu golçur kärhanasynyň Kýoto zawodynda bir liniýa bu habar ýazylan wagtynda (Tokio wagty bilen 12:00 töweregi) heniz işleýärdi.

"Bökdençligiň sebäbini kesgitlemek we ulgamy dikeltmek üçin işläris" – diýip, Toyotada mälim etdiler.

Toyota-yň paýnamalary irden 0,4% açyldy, ýöne habar ýaýradylandan soň maýadarlar satyp başladylar we irden söwdalaşyklar wagtynda paýnamalar 0,8% düşdi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......