Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär

  • 04.07.2025 11:54
  • 7k+

Toyota benzin bilen işleýän meşhur Grand Highlander ulagynyň önümçiligini artdyrmak üçin ABŞ-da elektrik ulaglarynyň öndürilişini gijikdirýär diýip, Bloomberg habar berýär.

Ýapon awtoulag öndürijisi Jorjtaun zawodynda (Kentukki ştaty) täze elektrikli wnedorožnigiň önümçiligine badalga bermegiň möhletini 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi. Bu benzin we gibrid görnüşlerinde bar hem-de kompaniýanyň iň geçginli ulaglaryndan biri bolan Grand Highlander-iň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, zawodda üç hatarly elektrik wnedorožniginiň çykarylyp başlanjak senesi hem 2025-nji ýyldan 2026-njy ýylyň ahyryna geçirildi.
Gijikdirmeler ABŞ-da elektrik ulaglaryna islegiň peselmegi bilen bagly ýüze çykdy, bu ýagdaý elektrik ulagynyň alyjylary üçin salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagy bilen has-da güýçlenip biler. Cox Automotive-iň berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-da elektrik ulaglarynyň satuwy 2024-nji ýylda 7,3 göterim artyp, 1,3 million birlige ýetipdi, ýöne Toyota 30 müňden hem az doly elektrik awtoulag satdy, gibrid modellerine bolan isleg welin ep-esli artdy.
Şol bir wagtyň özünde, benzin we gibrid ulaglarynyň meşhurlygy ýokary bolmagynda galýar. Kompaniýa iýun aýynda 11 577 sany ortaça ölçegdäki Grand Highlanders ulaglaryny satdy we aýy dilerlerdäki üç günlük ätiýaçlyk bilen tamamlady.

"Bu ulag hatarda iň geçginli önümimizdigini subut etdi" – diýip, Toyota-nyň ABŞ-daky satuw bölüminiň başlygy Dewid Krist mälim etdi.


düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......