BMW X5 krossoweriniň has uzyn görnüşini tanyşdyrdy

  • 28.08.2023 11:33
  • 21k+

BMW Hytaýyň Çendu şäherinde geçirilen awtoulag sergisinde «X5» krossoweriniň uzaldylan görnüşini tanyşdyrdy. Bu barada nemes öndürijisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Täze görnüşiň uzynlygy beýleki dünýä bazarlarynda elýeterli bolan «BMW X5-den» 13 santimetr uzyndyr. Krossower salona girmegi aňsatlaşdyrmak üçin uzyn arka gapylar bilen üpjün edildi, teker bazasynyň ulaldylmagy bilen, yzky ýolagçylaryň aýaklaryny goýmaklary üçin has uly giňişlik döredildi.
«BMW X5 xDrive30Li» modifikasiýasy kuwwaty 258 at güýji bolan iki litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen, «xDrive40Li» bolsa kuwwaty 380 at güýji bolan 3.0 litrlik alty silindrli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Iki ulag hem 46 woltlyk herekete getiriji-generator, 8 basgançakly «awtomat» dolandyryş ulagmy we ähli tigirleriň hereket ulgamy bilen işleýär. Täzelenen nusga has inçe çyralar, yşyklandyryjylary bolan täze radiator gözenegi we sanly gural paneli hem-de multimediýa ulgamy bolan bitewi blok bilen üpjün edildi.
Uzaldylan «X5» Hytaýyň bazary üçin niýetlenendir we şu ýylyň sentýabr aýyndan Şenýandaky «BMW Brilliance Automotive» bilelikdäki kärhanasynda öndürilip başlar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......