Kia täze EV5 elektrik krossowerini tanyşdyrdy

  • 27.08.2023 18:20
  • 15k+

«Kia» kompaniýasy Hytaýyň Çendu şäherinde geçirilen awtoulag sergisinde «EV5» kysymly ykjam elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Bu barada koreýaly öndürijiniň metbugat gullugy habar berýär.

Täze ulagyň uzynlygy 4615 mm-dir. Elektrik awtoulagy kuwwaty 217 at güýji (310 Hm) bolan elektrik hereketlendiriji we 82 kilowatt-sagat sygymy bolan batareýa bilen üpjün edildi. Motor yzky bölümde oturdylandyr. Salonda sanly dolandyryş ulgamyny we multimediýa ekranyny özünde jemleýän giň panel ýerleşdirilipdir.
Kompaniýa krossoweriň içiniň sürüjiniň we ýolagçylaryň özlerini «öýdäki myhman otagynda» oturandyklaryny duýmaklary üçin taslanandygyny aýtdylar. Suratlardan görnüşi ýaly, ulagyň salonynda merkezi tirseklik ýok. Täze ulagda içerki yşyklandyryşy awtomatiki sazlamak funksiýasy ornaşdyryldy (saýlamak üçin 64 reňk berilýär). Mysal üçin, pes ýagtylyk şertlerinde ýagtylyk has öçügsi bolýar, şeýle hem ulgam sürüjä tizligiň artdyrylýandygy barada duýduryş bermäge ukyplydyr.
«Kia EV5» Hytaýda öndüriler we beýleki bazarlara eksport ediler, Hytaýda satuwlar güýzde başlanar.


şu gün 08:16
1.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....