iPhone 15 Pro-nyň täze reňki mälim edildi

  • 27.08.2023 18:14
  • 28k+

«iPhone 15 Pro» we «Pro Max» «Apple» smartfonlary üçin täze bolan «Titan Gray» reňkinde bolar. Bu barada «9To5Mac» neşiri habar berýär.

Çeşmede  bellenilmegine görä, täze reňk altyn reňkli nusganyň ornuny tutar. «Titan Gray» reňkiniň ulanylmagy «Apple-iň» smartfonlaryň gabarasynyň materialyny poslamaýan polatdan titana çalyşmak karary bilen baglanyşyklydy.
Žurnalistler täze çal reňkden başga-da, «Apple-iň» 2023-nji ýylda täzelenen goýy gök reňkini hem tanyşdyrjakdygyny belleýärler. Geçen ýyl «iPhone 14 Pro-da» ulanylan «Deep Purple» reňkiniň ornuny tutar.
«iPhone 15» nesliniň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. «Apple» smartfonlar bilen birlikde «Apple Watch Series 9» täze akylly sagadyny hem tanyşdyrar. Bellenilmegine görä, täze önümleriň ählisi diýen ýaly tanyşdyrylyşyndan bir hepde soň satuwa çykarylar. Diňe «15 Pro Maks» nusgasynyň satuwy önümçilik meselesi sebäpli birnäçe hepde yza süýşüriler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...