“Tanyş görünýär”: Samsung iOS 26-nyň täze funksiýalarynyň anonsy üçin Apple-i ýene ýaňsylady

  • 13.06.2025 10:45
  • 6.1k+

Samsung-yň amerikan bölümçesi iOS 26-nyň tanyşdyrylyşyna seslenip, bäsdeşini ýene ýaňsylamak mümkinçiligini elden bermedi.

WWDC 2025 konferensiýasynyň dowamynda Apple täzelenen operasion ulgamlary we emeli aňa esaslanýan täze funksiýalary hödürledi. Samsung hem Apple tarapyndan hödürlenen tehnologiýalaryň köpüsini Galaxy gurluşlarynda eýýäm köpden bäri ulanýandygyny ýatlatdy.
Samsung-yň ilkinji habary iOS interfeýsindäki üýtgeşmelere gönükdirildi.

“Sazlap bolýan programmalar? Ýüzýän paneller? Döwrebap aýna dizaýn? Hm, gaty tanyş görünýär...” – diýip, kompaniýa resmi X akkauntynda ýazdy.

Soňra Samsung Apple-iň täzelik hökmünde hödürlän “janly” terjime funksiýasyna teswir berdi: “Göni terjimäni ilkinji gezek barlaýaňyzmy? Topara hoş geldiňiz! Biz eýýäm teksti we sözleýşi häzirki wagtda terjime edýäris...”.
Smartfon öndürijileriniň arasynda birek-birege şeýle gep atmalar adaty ýagdaýdyr. Kompaniýalar olary bäsdeşlik guraly we öz önümlerine ünsi çekmegiň usuly hökmünde ulanýar.
Apple hem käwagt bäsdeşlerine tarap ýaňsyly bellikleri etmekden çekinmeýär, ýöne, adatça, muny resmi görnüşde – mysal üçin, sosial ulgamlarda däl-de, tanyşdyrylyş dabaralarynda edýär.


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......