Amerikaly türgen dünýä çempionatynda Useýn Boltuň iki üstünligini gaýtalady

  • 27.08.2023 17:52
  • 21k+

Amerikaly ylgawçy Noa Laýlz 2015-nji ýyldan bäri yzygider üç dünýä çempionatynda 200 m aralyga ylgamakda ýeňiş gazanan ilkinji sprinter boldy. Bu barada sportrbc.ru habar berýär.

Laýlzdan öň 200 m aralyga ylgamakda azyndan üç gezek ýeňiş gazanmak ýamaýkaly türgen Useýn Bolta başardypdy – 2009, 2011, 2013 we 2015-nji ýyllar. Deňeşdirmek üçin: soňky alty dünýä çempionatynda başga bir sprint aralygynda – 100 m aralyga ylgamakda iki gezek ýeňiş gazanmak hiç kime başartmady.
Budapeştde geçirilýän dünýä birinjiliginde Laýlz ilkinji gezek 100 m aralyga ylgamakda ýeňiş gazanyp bildi. Taryhda bary-ýogy bäş adam ähli sprint aralyklarda bir dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Laýlzdan öň bu Bolta başardypdy (2015).
Bolt dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp titully ýeňil atletikaçydyr. Onuň hasabynda 11 altyn medal bar. Häzirki wagtda ol 100 m (9,58 s) we 200 m (19,19 s) aralyklara ylgamakda dünýä rekordyny saklaýar.
Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty Budapeştde geçirilýär we 27-nji awgustda tamamlanar.


29.04.2026 14:40
1.7k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.6k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

15.04.2026 16:27
6.6k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......