BSGG soňky 28 günüň içinde dünýäde kowid bilen kesellemäniň 63% ýokarlanandygyny habar berdi

  • 26.08.2023 16:59
  • 14k+

24-nji iýuldan 20-nji awgust aralygynda dünýäde 1,47 milliondan gowrak adama koronawirus ýokuşdy, 2 müňden gowrak adam ýogaldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habaryna görä, ýokanç keselleriň sany öňki 28 gün bilen deňeşdirilende, 63% artdy, ýogalanlaryň sany bolsa 48% azaldy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde dört hepdäniň içinde 1 470 201 adama kesel ýokuşdy we 2 059 ölüm ýagdaýy hasaba alyndy.
Kesel ýokuşanlar barada 103 ýurtdan habar berildi. Kowid "esasy howp bolmagynda galýar" we BSGG-i ýurtlary "COVID-19 boýunça döreden infrastrukturalaryny, aýyrmaga däl-de, saklamaga çagyrýar”. Gurama olaryň öňünden duýduryş, epidemiologik gözegçilik we koronawirusyň görnüşlerini ýüze çykarmak boýunça işlerini dowam etdirmegine garaşýar. BSGG "töwekgelçilikli toparlarda sanjymy güýçlendirmegi, howa çalşygyny gowulandyrmagy" maslahat berýär. Gurama koronawirusyň EG.5 görnüşiniň ýaýramagynyň ýokarlanýandygyna ünsi çekdi. 24-nji awgusta çenli ýokanç 53 ýurtda tapyldy. Bir hepde öň şeýle ýurtlaryň sany 50-di.
Dört hepdäniň içinde keseliň ýokuşmak ýagdaýy iň köp Koreýa Respublikasynda ýüze çykaryldy – 1 286 028. Ondan soň Awstraliýa (22 836), Angliýa (21 866), Italiýa (19 777) we Singapur (18 125) durýar. 24-nji iýuldan 20-nji awgust aralygynda Koreýa Respublikasy kowidden iň köp ýogalanlary – 328 sany hasaba aldy. Ondan soň Russiýa (166), Italiýa (165), Awstraliýa (148) we Filippinler (136) gelýär.


18.05.2026 14:46
4.8k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.2k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....

03.04.2026 12:06
4.6k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......