BSGG 2030-njy ýyla çenli dünýäde 4,1 mln şepagat uýasynyň ýetmezçilik etjekdigini çaklaýar

  • 15.05.2025 11:52
  • 5.7k+

Ýyl geçdigisaýyn global saglygy goraýyş ulgamynda şepagat uýalarynyň ýetmezçiligi barha artýar. 2030-njy ýyla çenli olaryň ýetmezçiligi 4,1 mln adama barabar bolup biler diýlip, Bütindünýä saglygy gorayş guramasy, Halkara şepagat uýalarynyň geňeşi we olaryň hyzmatdaşlary tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylýar.

Materialda 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda dünýädäki şepagat uýalarynyň sanynyň 27,9 milliondan 29,8 milliona çenli artandygy bellenilýär. Bu ugurda işgärleriň ýetmezçiligi 2020-2023-nji ýyllarda 6,2 milliondan 5,8 milliona çenli azaldy we 2030-njy ýyla çenli ýene 4,1 milliona çenli azalmagyna garaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde, hasabatyň awtorlary sebitleriň arasynda düýpli tapawutlaryň saklanýandygyny belledi. Olaryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda şepagat uýalarynyň 78%-i dünýä ilatynyň 49%-ini düzýän ýurtlarda işleýär. Pes we orta girdejili ýurtlarda şepagat uýalaryny okatmak, işe almak we saklamak üçin mümkinçilik az. Awtorlar häkimiýetleriň iş orunlaryny döretmäge we saklamaga maýa goýumlary artdyrmalydygyny belleýär. Ýogsam, hünärmenleriň ýetmezçiligi hemme adamlara lukmançylyk kömegini almakda kynçylyk döredip biler.
Hünärmenler, aýratynam, döwletlere şepagat uýalarynyň zähmet şertlerini gowulandyrmagy maslahat berdi. 


26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......