Subaru täzelenen Subaru Forester 2024-i tanyşdyrdy

  • 26.08.2023 14:12
  • 6.4k+

«Subaru» içerki bazarynda biraz täzelenen ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Forester» ulagyny (wnedorožnigini) tanyşdyrdy. Awtoulag tehniki taýdan üýtgemedi, emma goşmaça ulgamlary başgaça häsiýete eýe boldy.

Şeýlelik bilen, «X-Break» we «Advance» ulgamlarynda indi bagažnigiň gapysy üçin elektrik herekete getiriji bar, «X-Break» ulgamynda bolsa öňdäki oturgyçlary elektrik arkaly sazlamak mümkinçiligi peýda boldy. «Subaru»  howpsuzlyk ulgamynyň programma üpjünçiligini täzeledi, şonuň esasynda bolsa yza hereket edilende awtomatik usulda duruzmak (awtotormoz) ulgamynyň netijeliligi artdy we päsgelçilik barada sesli duýduryşyň dowamlylygy hem ýokarlandy.
Ýapon bazary üçin öndürilen «Forester-iň» ähli görnüşleriniň özboluşly daşky aýratynlygy – akulanyň ýüzgüji şekilinde antennasynyň we bagažnigiň gapysy gara reňke boýalan spoýleriň bolmagydyr.
Ýapon «Subaru Forester 2024-iň» esasy hereketlendirijisi 2,0 litrlik göwrüme we 150 at güýjüne eýedir, alternatiw hereketlendiriji bolsa 174 at güýji bolan 1,8 litrlik turbo görnüşli motorydyr. Geçiriş guty hususy «Lineartronic» wariatorydyr, herekete geliş – ähli tekerler bilen. Ýaponiýada awtoulagyň bahasy 21 müň dollardan başlanýar.

şu gün 09:56
1.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....