Google-iň täze arzan smartfonynyň häsiýetnamalary mälim edildi

  • 26.08.2023 14:08
  • 8.1k+

«Google Pixel 8a» täze arzan smartfony pes ýygylyklarda işleýän «Tensor G3» prosessorynyň täze nesli bilen üpjün ediler. Bu barada «WccfTech» neşiri enjamyň «Geekbench 5» görkezijisinde geçirilen synaglarynyň netijelerine salgylanyp habar berýär.

Synag netijelerine görä, «Pixel 8a-da» ornaşdyrylan «Tensor G3-iň» dokuz ýadroly çipdigi ýüze çykaryldy. Ýadrolar üç topara bölünýär: ýygylygy 1,7 GGs we 2.38 GGs bolan dört ýadroly iki nusga, şeýle hem iň ýokary derejesi 2,91 GGs bolan bir ýadroly nusga. «Geekbench 5-de» Google-iň täze smartfony «Akita» kody bilen atlandyryldy.
«Pixel 8a»  bir ýadroly synagda 1218, köp ýadroly synagda 3175 bal toplady. Deňeşdirsek: «Qualcomm-yň» häzirki nesliniň flagman prosessory «Snapdragon 8 Gen2» «Geekbench 5-de»  degişlilikde, 1479 we 4803 bal toplapdy.
«WccfTech» aratapawudyň uludygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylyň ahyrynda «Snapdragon 8 Gen3-iň» peýda bolmagy bilen ýagdaý hasam agyrlaşar.
«Pixel 8a»  2024-nji ýylyň başynda satuwa çykarylar diýlip garaşylýar.


11.06.2026 14:00
2.7k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....