Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletine sapar bilen gelmäge çakylyk aldy

  • 26.08.2023 13:17
  • 6.2k+

25-nji awgustda Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki Prezident Mahmud Abbasyň Palestina gelmek baradaky çakylygyny Prezident Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletine sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Ministr bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Palestina Döwletiniň köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Degişli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegi bu ugurdaky netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi.
Türkmenistan öz tarapyndan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça palestinaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardyr.


düýn 16:02
937

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......